Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleriniň duşuşygynyň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklar baglaşyldy

Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleriniň duşuşygynyň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklar baglaşyldy
Sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. (Surat: Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri penşenbe güni Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen sammitiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekdiler. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw maslahatyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy. Sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Şeýle hem, Döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýa döwletleriniň köptaraplaýyn formatlardaky Özara gatnaşygy konsepsiýasyny, Merkezi Aziýa üçin sebitleýin ýaşyl maksatnamasyny we 2022-2024-nji ýyllar üçin sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýol kartasyny tassyklamak kararyna geldiler.

Şeýle hem, Prezidentler Aral deňzini goramak boýunça halkara gaznasynyň Prezidenti hökmünde Emomali Rahmonyň ygtyýarlyklaryny uzaltmak baradaky Döwlet Baştutanlarynyň kararyna gol çekdiler.

Sammitiň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Suratlar: Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy 

2022