Awazada “Rowaç” kottejler toplumy açyldy

Awazada “Rowaç” kottejler toplumy açyldy
Umumy meýdany 10 gektara deň bolan toplum 2 gatly kottejleriň 48-sini özünde jemleýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda duşenbe güni “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Toplumyň açylyş dabarasyna şu ýylyň 1-nji awgustyndan zähmet rugsadyna çykan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dabara Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Balkan welaýatynyň häkimi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Sabyrly maşgala” hususy kärhanasynyň, “Kent gurluşyk” hem-de “Güneşli deňiz” hojalyk jemgyýetleriniň buýurmalary esasynda gurlan täze toplum 2 gatly kottejleriň 48-sini özünde jemleýär. Umumy meýdany 10 gektara deň bolan toplumda standart, maşgala we lýuks görnüşli 10, 16, 18 otagly kottejler bardyr.

Bellenilişi ýaly, kottejler toplumynyň gurluşygyna geçen ýylyň ýanwar aýynda badalga berildi. Onuň açylmagy bilen, 200-e golaý täze iş orny döredildi.

Döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasynyň çäginde geçirilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan agzalary tarapyndan guralan dürli görnüşli tagamlaryň sergisine hem gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022