Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde ýekşenbe güni Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde we Halkara deňiz portunda sergilere badalga berildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, myhmanlar we foruma gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinde gurnalan sergide Aşgabadyň hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň Halkara howa menzilleriniň, Jebel we Kerki howa menzilleriniň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, “Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçe awiakompaniýalarynyň wekilhanalarynyň sergi bölümleri görkezildi.
Günüň ikinji ýarymynda öňde boljak halkara maslahata gatnaşyjy daşary ýurtlular we myhmanlar üçin Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunuň desgalary boýunça tanyşdyryş syýahaty guraldy. Şeýle hem, gözden geçirilişe logistika ugurly kompaniýalar — “Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy” hojalyk jemgyýeti, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gatnaşdylar. Sergä gatnaşyjylaryň ençemesi iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly iri göwrümli ýükleri daşamakda mümkinçiliklerini görkezdiler.
Soňra Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom terminalynda hem sergi geçirildi. Serginiň baş wezipesi Türkmenistanyň ulag düzümleriniň kuwwatyny, Hazar sebitine ulaglaryň dürli görnüşleri arkaly iri göwrümli we uly agramly ýükleri getirmegiň aýratynlyklaryny, olary Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr ibermegi, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçirip, deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere iberilýändigini görkezmekden ybarat boldy.
Suratlar: Türkmenistanyň resmi metbugaty