Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Patyşalygyň Milli gününi belledi

Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Patyşalygyň Milli gününi belledi
Türkmen tarapyndan hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew gatnaşdy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 29-njy sentýabrda “Yyldyz” myhmanhanasynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli gününi we iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belledi.

Bu pursatdan mynasybetli, Ilçihana Saud Arabystany Patyşalygyndan halk döredijiligini we Patyşalygyň operasyny ýerine ýetirmäge folklor toparyny çagyrdy. Baýramçylygyň geçirilen ýerinde surat sergisi gurnalyp, Patyşalygyň dürli sebitleri we geljekdäki taslamalary barada, şeýle-de “Expo” we “Vision 2030” sergileri barada gürrüň berildi.

Sergide Saud Arabystany Patyşalygynyň adaty önümleriniň bir burçy, Patyşalygyň dürli sebitlerinden egin-eşikler we senetçilik önümleri, kofesi we kofe taýýarlamak üçin gurallary, şeýle hem hat-ýazuw burçlary görkezildi.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Patyşalygyň demirgazyk-günbatar adalarynda we Gyzyl deňziň kenarlarynda gurulýan “Neom, Laýn we Red sea (Gyzyl deňiz)” geljekki şäherleri bilen tanyşdyryldy.

Türkmen tarapyndan hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew gatnaşdy. Dabara diplomatik düzüm agzalary - Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, işewürler, şeýle hem Aşgabat şäheriniň birnäçe jemgyýetçilik işgärleri we daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli işgärleri gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi Said bin Osman Suweýd we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigini bellediler.

Dabaranyň ahyrynda ilçi Patyşalygyň Milli güni mynasybetli ýygnananlaryň hemmesine ýadygärlik sowgatlary gowşurdy.

2022