Aşgabatda Eýranyň syýahatçylyk merkezleriniň festiwaly geçirildi

Aşgabatda Eýranyň syýahatçylyk merkezleriniň festiwaly geçirildi
Medeni çärede Eýranyň elde ýasalan ýadygärlik sowgatlarynyň, milli lybaslarynyň, suratlarynyň we syýahatçylyk ýerleriniň sergisi geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde anna güni Eýranyň syýahatçylyk merkezleriniň festiwaly geçirildi. 

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen geçirilen bu çäräniň dowamynda Eýranyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy we onuň syýahatçylyk ýerleri, ýurduň milligini alamantlandyrýan ýadygärlik sowgatlyklary barada wideorolik görkezildi.

Mundan başga-da, bu medeni çärede Eýranyň elde ýasalan ýadygärlik sowgatlarynyň, milli lybaslarynyň, suratlarynyň we syýahatçylyk ýerleriniň sergisi geçirildi.

Eýranyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde geçirilen festiwalyň ahyrynda çärä gatnaşan diplomatlara we myhmanlara Türkmenistanyň hem-de Eýranyň dürli tagamlary hödürlendi.

2022