Astanada GDA Döwlet Baştutanlarynyň dar düzümli duşuşygy geçirildi

Astanada GDA Döwlet Baştutanlarynyň dar düzümli duşuşygy geçirildi
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz çykyşynda GDA Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylarynyň hemmesini mähirli garşylady. (Surat: Akorda.kz)

Gazagystanyň paýtagty Astanada anna güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet Baştutanlarynyň dar düzümdäki duşuşygy geçirildi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz çykyşynda GDA Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylarynyň hemmesini mähirli garşylady.

“Şu gün geňeşiň agzasy hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow ilkinji gezek ýygnaga gatnaşýar. Bu duşuşyga gatnaşýan kärdeşlerimiň adyndan we öz adymdan sizi garşylamak isleýärin we jogapkärçilikli döwlet işiňizde üstünlik arzuw edýärin” diýip, Gazagystanyň Prezidenti aýtdy.

“Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy, howpsuzlyk we hyzmatdaşlygymyzyň beýleki möhüm meseleleri GDA Döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenýär”diýip, Kasym-Žomart Tokaýew belledi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilelikdäki işiň netijesinde söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurtlaryň arasynda ýakyn medeni we ynsanperwer gatnaşyklary saklamak, şeýle hem Arkalaşygyň mümkinçiliklerini we halkara abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen birnäçe möhüm başlangyçlaryň durmuşa geçirilendigini aýtdy.

Gazagystanyň Prezidenti howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri maslahatlaşmagyň wajypdygyny belläp, GDA ýurtlarynyň hemmesinde diýen ýaly howanyň üýtgemegi sebäpli suw üpjünçilik meselesi ýitileşýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çykyş etdiler.

Mundan başga-da, “Merkezi Aziýa-Russiýa” I sammiti 14-nji oktýabrda güniň ikinji ýarymynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýär. Şeýle-de sammitiň jemi boýunça bilelikdäki Beýannama kabul ediler.

Suratlar: Akorda.kz

2022