Özbegistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Özbegistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy
Şeýle hem taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygyň mysalydygyny kanagatlanma bilen bellediler. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi saparynyň çäginde anna güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhammedowyň başlangyjy bilen ýola goýulan uly göwrümli durmuş-ykdysady özgertmeler güýçli Türkmenistany gurmakda berk binýat döretdi diýip, nygtady.

“Häzirki wagtda doganlyk Türkmenistan milli jebisligi, taryhy we medeni däp-dessurlary gorap saklamagyň esasynda tiz depginde ösýär. Bütin dünýäde muňa ýokary baha berýärler” diýip, Şawkat Mirziýoýew belledi.

Şeýle hem taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygyň mysalydygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň dowmynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebitleýin we halkara meýdançalarynda özara gatnaşyklaryň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, parlamentara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna uly itergi berýändigi nygtanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewe türkmen halky tarapyndan hormatlanylýan alabaý tohumly güjügi sowgat berdi.

Suratlar: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy 

2022