Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň açylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň açylyş dabarasy geçirildi
Seýilgähiň umumy meýdany takmynan üç gektara barabar bolup, onuň çäginde gül bakjalary oturdyldy we Daşkendiň gözel ýerleriniň kiçi nusgalaryny özünde jemleýän binalar ýerleşdirildi. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew anna güni Aşgabat şäherinde döredilen “Daşkent” seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän seýilgähiň umumy meýdany takmynan üç gektara barabar bolup, onuň çäginde gül bakjalary oturdyldy we Daşkendiň gözel ýerleriniň kiçi nusgalaryny özünde jemleýän binalar ýerleşdirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi. 

Döwlet Baştutanlary seýilgähde döredilen şertler bilen tanyşdylar we iki döwletiň arasyndaky doslugyň hem-de doganlygyň nyşany hökmünde agaç nahallaryny oturtdylar. 

“Daşkent” seýilgähiniň açylyş dabarasyna iki ýurduň resmi wekiliýetleri, Aşgabatdaky jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

2018-nji ýylda iki döwletiň dostlugynyň we doganlygynyň alamaty hökmünde Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Aşgabat” seýilgähi açyldy.

Şeýle hem bu ýerde teleköpri arkaly “Daşoguz-Horezm” serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygyna başlamaga badalga berildi.

Suratlar: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022