Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergi geçirilýär

Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergi geçirilýär
“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergä energetika ugurly kompaniýalaryň 50-den gowragy gatnaşýar.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergi Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni öz işine başlady. Bu ýerde günüň ikinji ýarymynda ugurdaş halkara maslahatyň plenar mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda “Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Bu sergä SOCAR, CNPC, “Gaffney Cline”, “Schlumberger”, “Dragon Oil”, “Mitro International”, “Areti International Group”, “Buried Hill”, “ENI Turkmenistan Limited”, “Yug-Neftegaz Private Limited”, “Haldor Topsoe”, “Çalyk Energy”, “Mitsubishi Corporation”, “Siemens Energy LLC”, “Sumitomo Corporation Europe Ltd” ýaly energetika ugurly kompaniýalaryň 50-den gowragy gatnaşýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara maslahatyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynyň ösüşindäki soňky global we sebitleýin tendensiýalar, sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek we täze gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

2022