Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäsiniň ordeni bilen sylaglanyldy

Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäsiniň ordeni bilen sylaglanyldy
Sylaglamak dabarasy Samarkantda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň çäginde geçirildi. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki dünýäsiniň iň ýokary derejeli ordenini gowşurdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Sylaglamak dabarasy Samarkantda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň çäginde geçirildi.

Şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türki dünýäsiniň ordeni bilen sylaglandy.

Sammitiň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türki döwletleriniň gyzyklanmalaryny we garaýyşlaryny halkara giňişliginde işjeň wagyz edendikleri we türki döwletleriň agzybirligini berkitmekde aýratyn goşant goşandyklary bellenildi.

Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Alyşir Nowaýy halkara baýragyna mynasyp boldy.

Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda döredildi. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan TDG-nyň agzasy bolup, Türkmenistan we Wengriýa bu gurama synçy döwlet hökmünde goşuldy.

Suratlar: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022