Aşgabat şäherindäki “Berkarar” söwda dynç-alyş merkezinde duşenbe güni köp markaly aýakgaplary öz içine alýan Türkiýäniň FLO kompaniýasynyň ilkinji dükanynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi.
Dükanyň menejeriniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna görä, dükanda erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen dünýä belli markalaryň aýakgaplarynyň ähli görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.
Müşderiler bu dükandan “Polaris”, “Kinetix”, “Docker’s”, “Garamond”, “Art Bella”, “Butigo”, “Lumberjack” we “U.S. Polo Assn.” ýaly dünýä belli markalaryň aýakgaplaryny elýeterli bahalardan satyn alyp bilerler. Şeýle hem täze açylan dükan müşderilere aýakgaplardan başga-da sport egin-eşikleri hödürleýär.
“Berkarar” söwda dynç-alyş merkezinde FLO söwda nokadynyň açylmagy mynasybetli bu ýerde dükanyň ähli harytlary üçin bir hepde 50 göterim arzanladyş dowam eder. Mundan başga-da alyjylar öňünden hiç hili tölegsiz 6 aý garaşaryna dürli görnüşli aýakgaplary satyn alyp bilerler.
Şeýle-de FLO, “Altınyıldız Classics”, “Koton”, “Koton kids”, “Ramsey”, “Mavi”, “Avva” brendleriniň harytlaryny satyn almakda “Asman Shop” ýeňillik kartlaryny ulanan müşderilere 5 göterim, “LC Waikiki” brendleriniň harytlaryny satyn alanda bolsa 3 göterim cash back garaşýar.
FLO kompaniýasy ýakyn wagtda Aşgabat şäherinde ýene bir söwda nokadyny açmagy meýilleşdirýär diýip, dükanyň menejeri “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.
FLO kompaniýasy Ahmet Ziýlan tarapyndan 1960-nji ýylda kiçi ussahana hökmünde esaslandyryldy. Häzirki wagtda FLO dükany Türkiýede öňdebaryjy orny eýeleýär we bu ýerde onuň 400-e ýakyn söwda nokatlary hereket edýär. Her ýyl bu dükanlar millionlarça müşderä hyzmat edip, onuň harytlary 25-den gowrak ýurda eksport edilýär.