Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlary ýangyç-energetika we ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň möhüm ugurlary hökmünde bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sişenbe güni Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän özara gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin ileri tutulýan meseleler boýunça pikir alyşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkiýäniň ykdysady ugurda Türkmenistanyň köpden bäri ygtybarly hyzmatdaşydygyna we söwda we maýa goýumlary boýunça bolsa Türkmenistanda öňdebaryjy ýurtlaryň biridigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara gatnaşyklary berkitmek we bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin Hökümetara toparynyň we işewürlik geňeşiniň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlary ýangyç-energetika we ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň möhüm ugurlary hökmünde bellediler.

Şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Suratlar: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022