Lýuksemburgda Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lýuksemburgda Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşy geçirildi
Duşuşygyň dowamynda taraplar maýa goýumlar üçin iň peýdaly ugurlary gözlemäge niýetlenen platformany döretmegiň zerurdygyny bellediler.

Türkmenistanyň Belgiýadaky, Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow bilen Lýuksemburgyň Söwda edarasynyň halkara gatnaşyklar boýunça müdiri Sindi Terebanyň arasynda sişenbe güni geçirilen duşuşykda Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Türkmen ilçisi Arkadag şäheriniň ilkinji bolup ýurtda “akylly”, ekologiýa taýdan arassa şäher derejesine eýe boljakdygyny belläp, Lýuksemburgyň kompaniýalaryny ýokary tehnologiýaly çözgütleri ulanmak bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Sindi Tereba öz gezeginde Lýuksemburgyň IT tehnologiýalaryny ösdürmekde öňdebaryjylaryň biridigini belläp, Beýik Gersoglygyndaky kompaniýalaryň bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirjekdigini we “akylly” Arkadag şäherini dolandyrmak boýunça teklipleri taýýarlajakdyklaryny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda aragatnaşygy gurmaga, mümkinçilikleri öwrenmäge, şeýle hem maýa goýumlar üçin iň peýdaly ugurlary gözlemäge niýetlenen platformany döretmegiň zerurdygyny bellediler.

Şeýle hem Sapar Palwanow we Sindi Tereba ýakyn wagtda Lýuksemburgda ýa-da Aşgabatda teklipleri has düýpli ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stol guramak barada ylalaşdylar. Bu duşuşyga Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalarynyň we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ykdysady pudaklary we işewür toparlary gatnaşarlar.

Duşuşygyň ahyrynda  ilçi Sapar Palwanow Lýuksemburgyň Söwda edarasynyň halkara gatnaşyklar boýunça müdiri Sindi Tereba Türkmenistan bilen Günbatar Ýewropa döwletiniň arasynda has ýakyn aragatnaşyk gurmagyň möhümdigini bellediler. Sapar Palwanow Türkmenistanyň Lýuksemburgy we umuman Ýewropa Bileleşigini ykdysadyýetde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändigini tassyklady.

Türkmen ilçisi Sapar Palwanow bilen Lýuksembur şäheriniň häkiminiň orunbasary Moris Baueriň arasynda şol gün geçiren duşuşykda Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Sapar Palwanow Lýuksemburg şäheriniň ýolbaşçylarynyň Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryljakdygyny aýtdy. Şeýle hem taraplar Lýuksemburg bilen Aşgabadyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligine-de garadylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022