Türkmenistan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini iberdi
Ukraina iberilen ynsanperwer kömegi derman serişdelerinden we lukmançylyk enjamlaryndan, dokma we dürli azyk önümlerinden ybaratdyr.

Türkmenistan çarşenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini iberdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Ukraina iberilen ynsanperwer kömegi derman serişdelerinden we lukmançylyk enjamlaryndan, dokma we dürli azyk önümlerinden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 13-nji martynda ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ibermek barada Buýruga gol çekdi.

Ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ibermek boýunça buýruk türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alnyp kabul edildi.

Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 6-njy fewralda Türkiýede bolup geçen ýer titreme zerarly ejir çekenlere 10-njy fewralda goşmaça ynsanperwerlik kömegini iberdi.

2022