Arkadag şäherine aýaratyn hukuk derejesi berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäherine aýaratyn hukuk derejesi berildi
Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunyna gol çekdi. Täze Kanun anna güni “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär.

Täze güýje giren Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär.

Şeýle hem Arkadag şäheriniň çägi Türkmenistanyň çäginiň aýrylmaz bölegini düzýär. Arkadag şäheriniň çäk bölünişigi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Bu Kanunyň 3-nji maddasyna görä, Arkadag şäheriniň ilatyny ýaşaýan möhletine, doglan ýerine we milletine garamazdan, Arkadag şäheri ýaşaýan ýeri bolan Türkmenistanyň raýatlary, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar düzýär.

2022