“Şähergurluşyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizildi. Girizilen üýtgetme we goşmaçalar “Türkmenistan” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda çap edildi.
Girizilen üýtgetmä we goşmaçalara laýyklykda, “Şähergurluşyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna (22-nji bent)- “ýönekeýleşdirilen taslama — bina üçin bölünip berlen ýer böleginiň baş meýilnamasyndan, ýaşaýyş jaýynyň binýadynyň we gatlarynyň meýilnamasyndan hem-de daşky görnüşlerinden ybarat taslama” diýen mazmunly bendi goşuldy.
Bu kanunyň 9-njy maddasynyň 2-nji bendine “obýektleriň gurluşygyna rugsatnamalaryň hasaba alynmagyny” diýen “f mazmunly kiçi bendi goşmaly edildi.
Şeýle hem 44-nji maddanyň ikinji bölegini “2. Hususy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyndan başga obýektleriň gurluşygyna rugsatnama ygtyýarly edara tarapyndan hasaba alnandan soňra, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan berilýär” diýip beýan etmeli edildi.
Degişli Kanuna girizilen üýtgetme we goşmaçalar şu ýylyň 16-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekildi.
Bu kanun resmi metbugatda çap edilen gününden güýje girdi.