Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasy, suwuklandyrylan gaz, TC-1 awiasiýa kerosini we ýüplük satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 16,2 million ABŞ dollaryndan geçdi.
Özbegistanyň, Türkiýäniň we Owganystanyň wekilleri umumy bahasy 1 million 875 müň ABŞ dollaryna barabar bolan kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasynyň jemi 4 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 468,75 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 310 ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazyň 2 müň tonnasyny satyn aldylar. Şeýlelikde geleşikleriň umumy bahasy 620 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Şeýle hem Wirgin adalaryndan we Özbegistandan gelen telekeçiler jemi bahasy 12 million 816 müň 250 ABŞ dollaryna deň bolan TC-1 awiasiýa kerosininiň 18,5 müň tonnasyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Türkiýeli işewürler daşary ýurt puluna ýüplügiň 451,5 müň kilogramyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 974 müň 487,5 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 181 million 691 müň ABŞ dollaryna deň boldy.