Daşoguz welaýatynda suw we lagym geçiriji ulgamlar gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz welaýatynda suw we lagym geçiriji ulgamlar gurlar
Boldumsaz şäherinde lagym sorujy desgalaryň gurluşyk işleri geçiriler.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň şäherlerinde we birnäçe etraplarynda suw ýygnaýjy desgalar, suw we lagym geçiriji ulgamlar, lagym sorujy desgalar gurlar.

Bu maksat bilen Daşoguz welaýat häkimligi “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda” potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde anna güni çap edildi.

Akdepe etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginiň Garamazy obasynda, Sazanda geňeşliginiň Azatlyk we Bagşyly obalarynda, Görogly etrabynyň Türkmenýoly geňeşliginiň Akderek obasynda, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginiň Dawalyköl, Seňňer we Gölýer obalarynda, Boldumsaz etrabynyň 10 ýyl Abadanlyk geňeşliginiň Gökleň, Homaý we Maýda obalarynda, Bereketli geňeşliginiň Badalar obasynda we Amyderýa geňeşliginde suw ýygnaýjy desgalary gurlar.

Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň şäherlerinde, etraplarynda suw we lagym geçiriji ulgamlaryň hem-de Boldumsaz şäherinde lagym sorujy desgalaryň gurluşyk işleri geçiriler.

Mundan başga-da, Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Daşoguz şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaýlar we desgalar toplumynyň çäginde gurulmaly Saglyk merkeziniň hem-de ýaşaýyş jaý toplumyna barýan agyz suw, elektrik geçiriji we içerki gaz geçiriji ulgamlarynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022