Arkadag şäherindäki degişli gulluklara we bölümlere ýolbaşçylar bellenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäherindäki degişli gulluklara we bölümlere ýolbaşçylar bellenildi
Häzirki döwürde täze şäherde dürli maksatly desgalaryň 336-synyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda ýekşenbe güni geçirilen bilelikdäki mejlisde Arkadag şäherindäki degişli gulluklara we bölümlere ýolbaşçylary bellemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Arkadag şäheri boýunça gözegçilik edýän düzümlerine täze bellenen ýolbaşçylar barada hasabat berdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň tertipnamalaryna laýyklykda, Geňeşlerde Arkadag şäheri boýunça degişli düzümleriň ýolbaşçylaryny saýlamak üçin saýlawlaryň geçirilendigi habar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki degişli edaralara täze bellenilen ýolbaşçylara üstünlik arzuw edip, degişli ýolbaşçylara bu ýerde işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow häzirki döwürde täze şäherde dürli maksatly desgalaryň 336-synyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriň birinji tapgyrynda gurlan binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasy hem döwrüň ruhuna laýyk geçirilmelidigini belledi we bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna-da uly jogapkärçilik bilen girişilmelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowa Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan binalaryň we desgalaryň açylmagy mynasybetli guraljak dabaralara daşary ýurtly myhmanlary, abraýly halkara guramalaryň wekillerini çagyrmak bilen baglanyşykly meselelere seretmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunyna gol çekdi.

2022