Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow Ýewropada ykdysady we senagat mümkinçilikleri bilen tanalýan Belgiýanyň Antwerpen welaýatynyň gubernatory Keti Beres bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Ilçi Sapar Palwanow Köpetdagyň eteginde gurulýan täze Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşyny geçirdi. Tanyşdyrylyşyň barşynda türkmen ilçisi Arkadag şäheriniň Türkmenistandaky ilkinji akylly şäherdigini aýtdy we Belgiýanyň resmisini maglumat tehnologiýasy, sanlylaşdyrma, şäher meýilnamasy ýaly ugurlaryndaky Antwerpeniň maýadarlaryny işjeň çekmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiligini öwrenmäge çagyrdy.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Antwerpen welaýatynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerine garadylar.
Mundan başga-da, ilçi Sapar Palwanow Antwerpen welaýatynyň gubernatory Keti Berese port şäherleri bolan Türkmenbaşy we Antwerpeniň arasynda doganlyk şäher gatnaşyklaryny ýola goýmagy teklip etdi. Bu şäherleriň köp umumylygy bolup, Antwerpeniň deňiz porty bar we ol göwrümi boýunça Ýewropada ikinji ýerde durýar. Şeýle hem bu iki şäherde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar bardyr.
Türkmeni ilçisiniň teklibi uly gyzyklanma bilen kabul edildi. Şol bir wagtyň özünde doganlyk şäherleri diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem medeniýet, bilim we ylym pudaklarynda-da ýakynlaşdyryp biljekdigi bellenildi.