TDHÇMB-da $13,2 milliondan gowrak tehniki kükürt we uçar kerosini satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da $13,2 milliondan gowrak tehniki kükürt we uçar kerosini satyldy
Owganystanyň, BAE-niň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna granulirlenen tehniki kükürdüň 130 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda granulirlenen tehniki kükürt we uçar kerosini satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 13 million 262 müň 750 ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystanyň, BAE-niň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna granulirlenen tehniki kükürdüň 130 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 460 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem BAE-den we Özbegistandan gelen telekeçiler jemi bahasy 7 million 802 müň 750 ABŞ dollaryna deň bolan uçar kerosininiň 11,5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 41 million 700 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022