Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň DIM-niň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň DIM-niň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşdy
Duşuşykda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti nygtaldy we Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň halkara giňişlikde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň başynda Bahtiýor Saidow Döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gezegine kärdeşi Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň Özbegistan bilen köpasyrlyk taryhy bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijiniň Aşgabada şu saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri, sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça pikir alyşmaga uly mümkinçilik berer.

Şeýle hem duşuşykda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti nygtaldy we Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň halkara giňişlikde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgama möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşi, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda, beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidow strategik döwletara hyzmatdaşlygyň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanyp, umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde çarşenbe güni Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

2022