“Parahat-7” ýaşaýyş toplumyndaky gurluşyklar boýunça goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumyndaky gurluşyklar boýunça goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi
Bu resminama Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimligine paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda inženerçilik ulgamlary we ýollary bilen bilelikde 9 gatly, 23 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň taslamalaryny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşan şertnamalaryna goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çeldi.

Bu resminama Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we seýilgähi gurmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji aprelinde çykaran 1203-nji Kararyna laýyklykda bu ugurda goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynyň başynda  geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň dowamynda “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 23 sany ýaşaýyş jaýyň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022