Türkmenistanyň Prezidenti aprel aýynda resmi sapar bilen Täjigistana barar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti aprel aýynda resmi sapar bilen Täjigistana barar
Duşanbe, Täjigistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-11-nji aprelde resmi sapar bilen Täjigistana barar. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň resmi metbugatyna salgylanyp, “Asia-Plus” habarlar gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň hökümetiniň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer we olaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana resmi saparynyň öňüsyrasynda 8-9-njy aprelde Duşanbe şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Täjigistan bilen Türkmenistanyň işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisi , şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň işewürlik forumy geçiriler.

Olara gatnaşmak üçin Türkmenistandan 100 sany wekil Duşanbe şäherine barar. Olaryň 70-e golaýy dürli ugurlarda iş alyp barýan hususy ulgamyň wekilleridir. Aprel aýynda geçiriljek bu foruma Täjigistanyň 200-den gowrak içerki telekeçileri gatnaşarlar.

Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýylyň ilkinji aýlarynda takmynan 11,8 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,9 göterim ýokarydyr.

2022