TDBGI-de raýat goranyşy fakulteti açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDBGI-de raýat goranyşy fakulteti açylar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetine okuwa 2023-2024-nji okuw ýylyndan kabul edip başlamak bellenildi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bellenen işgär sanynyň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda raýat goranyşy fakulteti, gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedralary açylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni bu boýunça degişli Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu resminama binalaryň we desgalaryň tebigy hadysalara, adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, olarda şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak hem-de raýat goranyşy çygrynda ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Goranmak ministrligine Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýokarda ady agzalan fakultetiň Düzgünnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak bellenildi.

Şeýle hem resminama bilen, Bilim ministrligine we Goranmak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetine okuwa 2023-2024-nji okuw ýylyndan kabul edip başlamak bellenildi.

2022