Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni “Arkadag” teleýaýlymyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymyny döretmek we 2023-nji ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikleri ýaýlyma berip başlamak bellenildi.
“Arkadag” teleýaýlymyny döretmek hakynda Karar Türkmenistanda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri ussatlyk bilen açyp görkezýän hem-de wagyz edýän kämil gepleşikleri taýýarlap, teleýaýlymlaryň üsti bilen halkymyza ýetirmek, şeýle hem türkmen telewideniýesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, resminama bilen Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Şeýle hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.