Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň täze bellenilen wise-prezidentini gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň täze bellenilen wise-prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidentine türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

“Biz Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz dürli ugurlar boýunça ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlar hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän gepleşikler hyzmatdaşlygymyzy has-da işjeňleşdirmäge itergi berýär” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda belllenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, täze wezipede bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi, şeýle-de oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany BAE-niň wise-prezidenti wezipesine bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

2022