Mart soňky hepde: eksport geleşikleri $22,5 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mart soňky hepde: eksport geleşikleri $22,5 milliondan geçdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 22 million 515 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit”, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, nebit bitumyny we tehniki kükürdi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar.

Türkmen telekeçileri umumy bahasy 262 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

2022