Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koen şu ýylyň 20-nji aprelinde sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine gelmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ysraýylyň metbugatyna salgylanyp, "Trend" agentligi duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Baş diplomatyň saparynyň maksady Ysraýylyň Türkmenistanda ilçihanasynyň açylmagy bolup durýar.
Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koen şu ýylyň mart aýynda öziniň “Twitter” sahypasynda Ysraýylyň Türkmenistanda hemişelik wekilhana açýandygyny habar berdi. Şeýle hem Ysraýylyň Daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm we strategiki ähmiýete eýedigini we bu ädimiň gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny hem-de hyzmatdaşlygyň ýokarlanjakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji martda Aşgabatda Ysraýylyň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi.