Türkmenistanyň Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň (HÝAG) ýanyndaky Hemişelik wekili Ilçi Sapar Palwanow duşenbe güni bu Guramanyň Gaaga şäherindäki Baş binasynda HÝAG-nyň Baş direktory Fernando Ariasa Ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Dabaranyň çäklerinde Baş direktor Fernando Ariasyň we Ilçi Sapar Palwanowyň arasynda, HÝAG-yň Baş direktorynyň orunbasary Odette Melononyň we guramanyň Halkara gatnaşyklar boýunça müdiri Kazumi Ikeda-Larhediň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we HÝAG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada özara pikir alyşyldy.
Söhbetdeşligiň başynda türkmen ilçisi Baş direktora hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ilçi türkmen Hökümetiniň özüni Türkmenistanyň HÝAG-yň ýanyndaky Hemişelik wekili bellemek arkaly, bu abraýly Gurama bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary has giňeltmäge hem-de berkitmäge bolan islegini beýan etdi.
Türkmen diplomaty Türkmenistanyň hem öz gezeginde HÝAG bilen bilelikde, dürli seminarlary, maslahatlary we tejribe alyşmak çärelerini geçirmeklige taýýardygyny belledi.
HÝAG-yň Baş direktory Fernando Arias hem öz gezeginde, Guramanyň alyp barýan esasy iş ugurlary barada gürrüň berip, häzirki zamanada himiýa senagatynyň we farmasewtikanyň yzygiderli ösýän we özgerýän şertlerinde, dürli derejedäki zäherli himiki maddalary parahatçylykly we ynsanyýetiň bähbitlerine ulanmaklygyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle himiki maddalaryň talabalaýyk öndürilişine we saklanyşyna, maksadalaýyk ulanylyşyna, olaryň söwdasynyň aç-açanlygyna gözegçilik etmekligiň hem Guramanyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we HÝAG-yň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça geljekde has hem berkejekdigine ynam bildirdiler.