Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Döwlet Baştutanlary eksport-import amallaryny artdyrmagyň, özara iberilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwürde türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň berk binýada esaslanyp, işjeň ösdürilýändigini hem-de özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Döwlet Baştutanlary eksport-import amallaryny artdyrmagyň, özara iberilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, olary sergilere, forumlara, ýarmarkalara çekmek boýunça işleri güýçlendirmek wajypdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň Prezidentine berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory bilen geçiren duşuşygy:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini çarşenbe güni kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda gämigurluşyk we gämi abatlaýyş ulgamynda işleri utgaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklere üns berildi. Bilim, ylym we medeniýet, syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Astrahan oblasty bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Duşuşygyň barşynda özara söwda dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022