Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy saýlanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy saýlanyldy
Mejlisiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine, deputatlara we ähli ýygnananlara ýüzlenip, bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda penşenbe güni Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda  Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we Mejlisiň Başlygynyň orunbasary saýlanyldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň barşynda gizlin ses bermegiň netijeleri boýunça Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlyklygyna saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine, deputatlara we ähli ýygnananlara ýüzlenip, bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we kanun çykaryjy edaranyň öňünde goýlan jogapkärli hem-de möhüm wezipeleri çözmek üçin ähli güýç-gaýratyny, tejribesini, bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygynyň orunbasary wezipesine Gahryman Öwlýakulyýewiç Rozyýew açyk ses bermek arkaly saýlanyldy.

Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiň düzüminde sekiz komitet döredildi we bu komitetleriň ýolbaşçylary saýlanyldy.

2022