Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň altynjy duşuşygy 14-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriler. Bu barada TASS habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi.
Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri gatnaşarlar.
Samarkantda geçiriljek duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energiýa, medeni we ynsanperwer ugurlarda alty taraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine baha bermegi we garaýyşlaryny deňeşdirmegi meýilleşdirýärler.
Özbek metbugatynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Samarkantda Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýetleriň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçiriler.