Belgiýanyň žurnaly ýewropaly okyjylara Türkmenistanyň gazananlary barada gürrüň berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Belgiýanyň žurnaly ýewropaly okyjylara Türkmenistanyň gazananlary barada gürrüň berdi
"Diplomatic world" dünýä syýasatyny, işewürligi, maliýäni, ykdysadyýeti we medeniýeti birleşdirýän diplomatik neşirdir.

Belgiýanyň "Diplomatic world" žurnalynyň 70 ýyllyk ýubileý sany Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazananlaryna bagyşlanyldy. Žurnalyň 18 sahypasynda Türkmenistanyň ykdysadyýet, energiýa, söwda we medeniýet ugurlarynda gazanan üstünlikleri görkezilýär. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Žurnalyň esaslandyryjysy Barbara Ditrih we "Diplomatic world" žurnalynyň taslamasynyň dolandyryjysy Alberto Turkstra Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan "Dialog parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahata gatnaşmak üçin 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabada geldiler.

Belgiýanyň wekilleri Aşgabat şäherine eden saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň şol wagtky Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen duşuşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda Barbara Ditrih Ýewropaly tomaşaçylary Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiligi bilen tanyşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

"Diplomatic world" dünýä syýasatyny, işewürligi, maliýäni, ykdysadyýeti we medeniýeti birleşdirýän diplomatik neşirdir. Žurnal ilçileriň, Döwlet Baştutanlarynyň, ÝB-niň wekilleriniň, halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň arasynda giňden ýaýrandyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022