Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Iki ýurduň Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny beýan etdi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi mukaddes Oraza aýy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Söhbetdeşler halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meselelerine degip geçip, häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça, aýratyn-da, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda tagallalary birleşdirmekde garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini nygtadylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söhbetdeşler ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlarynda, oba hojalygynda gatnaşyklary giňeltmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Eýranyň Türkmenistan bilen söwdasy (çig nebit eksportyndan başga) häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji on bir aýynda (2022-nji ýylyň 21-nji martyndan 2023-nji ýylyň 19-njy fewralyna çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 32,18 göterim ýokarlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022