Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa aradan çykdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa aradan çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň enesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

“Halka hem Watana, maşgala ojagyna wepadarlygyň, ýaş nesli iň asylly ýörelgeler esasynda terbiýelemegiň, milli ýörelgeleri we milli sungaty söýmegiň, goramagyň hem-de dowam etdirmegiň hiç mahal unudylmajak nusgasyny görkezen Ogulabat Berdimuhamedowa hakyndaky nurana ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar”, - diýip habarda bellenilýär.

Ogulabat Berdimuhamedowa Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 1937-nji ýylyň 15-nji iýunynda dünýä inýär.

Alty çaganyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa perzentleriniň iň gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemlemegi, watansöýüji, hemme taraplaýyn kämil, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin kän tagalla etdi. Ol maşgala gymmatlyklarynyň gadyryny örän gowy bilýän, ömrüň manysyny halal ýaşamakda görýän, öz halkynyň milli ýol-ýörelgesine wepalylygy buýsanç tuguna öwren, parasatly zenandyr.

 

2022