Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň enesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň enesiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesiniň – Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ibermegi dowam edýärler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Hususanda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, Kataryň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdiler.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban käbesiniň aradan çykmagy zerarly Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin, Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Azerbaýjan Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa we Kataryň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani gynanç bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň enesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

2022