TDHÇMB-da sişenbe güni $16,5 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da sişenbe güni $16,5 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
Owganystanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna suwuklandyrylan gazyň 42 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we uçar kerosini satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 16 million 553 müň 900 ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna suwuklandyrylan gazyň 42 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 15 million 800 müň 400 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Singapurly telekeçi jemi bahasy 753 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan TC-1 uçar kerosininiň 1 müň tonnasyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 753,5 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 4 million 76 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022