“Microsoft” Gazagystanda köp sebitli merkez açar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Microsoft” Gazagystanda köp sebitli merkez açar
Bu merkeziň alyp barýan işi Merkezi Aziýa ýurtlaryny, Azerbaýjany, Ermenistany, Gruziýany, Mongoliýany we Pakistany öz içine alar. (Surat: nypost.com)

Amerikanyň “Microsoft” kompaniýasy Gazagystanda köp sebitli merkez açar. Bu barada Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habarlar gullugy duşenbe güni habar berdi.

Bu merkeziň alyp barýan işi Merkezi Aziýa ýurtlaryny, Azerbaýjany, Ermenistany, Gruziýany, Mongoliýany we Pakistany öz içine alar.

Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministri Bagdat Musinyň aýtmagyna görä, sebit merkezi “Microsoft” kompaniýasynyň tehnologiki ösüşiniň we innowasiýalarynyň merkezi bolmak bilen çig mal däl tehnologiki pudaklaryň önümçiligini we eksportyny höweslendirmek arkaly adam kapitalyny ösdürmäge we Gazagystanyň milli ykdysadyýetini güýçlendirmäge serişde bolup biler.

“Microsoft” kompaniýasy transmilli korporasiýa bolup, ol 1957-nji ýylda Bill Geýts we Pol Allen tarapyndan esaslandyryldy. Onuň iň meşhur önümleriniň arasynda “Windows” operasiýa ulgamy, “Microsoft Office” programmasy, şeýle hem “Xbox” oýun konsoly bardyr. Kompaniýanyň baş edara binasy ABŞ-nyň Waşington ştatynyň Redmond şäherinde ýerleşýär.

2022