Lebaply ýüpekçiler piläniň 1010 tonnasyny öndürmegi meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply ýüpekçiler piläniň 1010 tonnasyny öndürmegi meýilleşdirýärler
Welaýatyň Çärjew etrabynyň ýüpekçileri 6 müň 526 gap gurçuk tohumyndan 261 tonna pile tabşyrarlar.

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri şu möwsümde piläniň 1010 tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Bu bolsa Türkmenistanda jemi öndürilýän piläniň 50 göterimine golaýydyr. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Welaýatyň Çärjew etrabynyň ýüpekçileri 6 müň 526 gap gurçuk tohumyndan 261 tonna, Saýat etrabynyň oba hojalykçylary 4 müň 644 gap gurçuk tohumyndan 185,5 tonna, Dänew etrabynyň ýüpekçileri hem 3 müň 499 gap gurçuk tohumyndan 140 tonna pile tabşyrarlar.

Şu möwsümde Lebap welaýatyndaky tejribeli ýüpekçileriň 21 müňden gowragy bilen şertnama baglanyşylyp, 25 müň 250 guty ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berildi.

Häzirki wagtda Kerki etrabynyň “Hatap” daýhan birleşiginiň ýüpekçi-kärendeçisi Gözel Nazargylyjowanyň eýýäm 44 kilogram pile hasylyny sebitde ilkinji bolup döwlet harmanyna tabşyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda her ýyl tut nahallarynyň täze düýpleriniň oturdylmagy, öňden bar bolan tut agaçlaryna ýylboýyn ideg etmek işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, möwsümde ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň ýeterlik mukdarda bolmagyny üpjün edýär.

2022