Türkmen-özbek serhedindäki gümrük nokatlarynyň geçirijilik ukyby artdyrylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek serhedindäki gümrük nokatlarynyň geçirijilik ukyby artdyrylar
Duşuşygyň dowamynda taraplar gümrük nokatlaryň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak ýaly meselelere garadylar.

Lebap welaýatynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki “Farap awtoýollary” hem-de Özbegistanyň Buhara welaýatynyň “Alat” gümrük nokatlarynyň geçirijilik ukyby günde 1000 awtoulaga çenli artdyrylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Bu mümkinçilik Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň, şeýle hem “Alat” gümrük nokadynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda çarşenbe güni göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen iş duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk, gümrük nokatlaryň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de olaryň işini özara sazlaşykly guramak ýaly meselelere garadylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş direksiýasy 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap “ASYСUDA World” utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda Üstaşyr deklarasiýalary we “Sanly gümrük amaly” programma üpjünçiliginde degişli maglumatlary doldurmak üçin täze nyrhnamalary girizdi.

2022