Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2023-nji ýylyň 21-nji aprelinde bellemek boýunça Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Bu resminama türkmen halkynyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen kabul edildi.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, Oraza baýramynyň bellenilýän güni – 21-nji aprel iş güni däl diýip yglan edildi.
Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar şu Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.