Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar
Bu merkez Hytaýdan Merkezi Aziýa üstaşyr ýük daşamalary artdyrmak üçin Almaty şäheriniň töweregindäki aýlaw demir ýoluň ugrunda gurlar.

Gazagystan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol ugry boýunça Merkezi Aziýa hem-de Türkmenistana we Eýrana barýan üstaşyr ýükleriň kuwwatyny ýokarlandyrjak uly söwda-logistika merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Kazinform” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Bu merkez Hytaýdan Merkezi Aziýa üstaşyr ýük daşamalary artdyrmak üçin Almaty şäheriniň töweregindäki aýlaw demir ýoluň ugrunda gurlar.

Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ) milli demir ýol kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Ýerlan Koýşibaýewiň habar bermegine görä, merkeziň çäginde ammarlar we sowadyjy zynjyrlar enjamlaşdyrylar. Mundan başga-da, ýük howa menziliniň, awtoulag terminalynyň, demir ýoluň we gury portuň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

KTZ-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, Almaty merkezi üstünlikli durmuşa geçirilen ýagdaýynda ol Ýakyn Gündogaryň, Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň bazarlaryna çykmak üçin giňden ulanylyp bilner. Munuň üçin täze ugurlar, mysal hökmünde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça Eýranyň üsti bilen Pars aýlagyna bolan ugur hem-de Transhazar ugry işjeň öwrenilýär.

2022