Samarkantda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Samarkantda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 12-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçiriler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi anna güni Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Mejlise Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýanyň, Täjigistanyň Daşary işler ministrleri we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýetleri gatnaşdy. Türkmen tarapyna ýurduň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.

Dar we giň düzümde geçirilen gepleşiklerde Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary halkara we sebitara meseleler boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, mejlisiň netijeleri boýunça Geňeş agzalary birnäçe resminamany tassykladylar. Bu resminamalar ýakynda geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň we hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerinde tassyklamak üçin hödürleniler.

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 12-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022