Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 463 sany raýatyň günäsi geçilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 463 sany raýatyň günäsi geçilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçilen raýatlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 463 sany raýatyň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen raýatlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezme berdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine we beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen raýatlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany günäsi geçilen raýatlara yhlasly zähmet çekip, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, ýurdumyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýerleriň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

2022