Aprel II hepde: eksport geleşikleri $20 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aprel II hepde: eksport geleşikleri $20 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 20 million 86 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

BAE-niň, Singapuryň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, tehniki kükürdi we uçar kerosinini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022