Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna $15 milliarda golaý maýa goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna $15 milliarda golaý maýa goýdy
Hytaýyň Söwda ministri Wan Wentao Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2022-nji ýylda 70,2 milliard ABŞ dollaryna ýetendigini aýtdy.

Hytaýyň Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna göni maýa goýumlary 2022-nji ýylyň ahyrynda takmynan 15 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada Hytaýyň Söwda ministri Wan Wentaonyň "Merkezi Aziýa + Hytaý" görnüşindäki söwda we ykdysadyýet ministrleriniň sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygynda aýdanlaryna salgylanyp, “Xinhua” habarlar gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Hytaýyň Söwda ministriniň aýtmagyna görä, Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň, ýagny, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 70,2 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Şeýle hem Wan Wentao Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň nebiti we gazy gözlemek, ony gaýtadan işlemek we öndürmek, internet birikmesi hem-de sanly tehnologiýa ýaly ugurlarda birnäçe hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirendiklerini aýtdy.

Mundan başga-da, Hytaýyň Söwda ministri şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22 göterim ýokarlanandygyny belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylda Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan importy 50 göterimden gowrak artdy (oba hojalygy, energiýa we mineral önümleri). Şol bir wagtyň özünde Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna mehaniki we elektron önümleriniň eksporty 42 göterim ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 1,73 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,1 göterim ýokarydyr.

2022