Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy 14,1 göterim artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy 14,1 göterim artdy
Diňe 2023-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanşygy 918 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 2,64 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,1 göterim ýokarydyr. Bu barada Hytaý gümrük gullugynyň çap eden maglumatlarynda habar berilýär.

Diňe 2023-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanşygy 918 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Türkmenistan Hytaýa geçen üç aýyň dowamynda 2,42 milliard ABŞ dollaryndan gowrak önüm iberdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem bu döwürde Türkmenistan 222,6 million ABŞ dollaryndan gowrak hytaý harytlaryny import etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,5 göterim artdy.

Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

2022