Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýylyň Daşary işler ministrini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýylyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (çepde) we Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koen (sagda) ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi. Bu barada Ysraýylyň Daşary işler ministri özüniň “Twitter” sahypasynda habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ysraýylyň Daşary işler ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ysraýylda ilçihanasyny açmak mümkinçiligine serediljekdigini aýtdy.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koen çarşenbe güni sapar bilen Aşgabada geldi. Ministr Eli Koen Türkmenistana saparynyň çäginde Aşgabat şäherinde Ysraýylyň ilçihanasyny açar hem-de Türkmenistanyň resmileri bilen birnäçe duşuşyklary geçirer.

2022