Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koen çarşenbe güni sapar bilen Aşgabada geldi. Bu barada Ysraýylyň Daşary işler ministri özüniň “Twitter” sahypasynda habar berdi.
Ministr Eli Koen Türkmenistana saparynyň çäginde Aşgabat şäherinde Ysraýylyň ilçihanasyny açar hem-de Türkmenistanyň resmileri bilen birnäçe duşuşyklary geçirer.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem Ysraýylyň baş diplomatyny kabul eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 28-nji martynda Aşgabatda Ysraýylyň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi.